Türkmenistanda ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ýatyrmak hakynda

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ýatyrmak hakynda
Eger ygtyýarnamaly görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese, onda ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edip biler.

Kim we nämäniň esasynda ygtyýarnamany togtadyp biler?

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ygtyýarlylandyryjy edaralar özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýa-da gödek bozulmagy ýüze çykarylan mahalynda ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilerler. 

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüt kabul eden ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalary düzetmek üçin ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyrlar. Görkezilen möhlet üç aýdan az, alty aýdan köp bolmaly däldir. 

Eger ygtyýarnamaly görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese, onda ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edip biler. 

Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar düzedilenden soň, ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky arzany ygtyýarlylandyryjy edara berýär. 

Ygtyýarnamanyň hereketini togtadan ygtyýarlylandyryjy edaralar: 

arzany alandan soň, on iş gününiň dowamynda ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine barlag geçirýärler; 
soňky üç iş gününiň dowamynda, barlagyň netijeleriniň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýärler we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar berýärler. 

Ygtyýarnama nädip ýatyrylyp bilner?

Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary we çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner: 

1) eger ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylan mahalynda kazyýetiň karary bilen. 

Ygtyýarlylandyryjy edaralar kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilen ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga borçludyrlar; 

2) eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirse, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde göz öňünde tutulan halatynda ygtyýarlylandyryjy edaralaryň çözgüdi bilen. 

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan we dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, üç iş gününiň dowamynda şeýle çözgüdiň esaslandyrmasy bilen, ýazmaça görnüşde ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala habar berilýär. 

Haýsy halatlarda ygtyýarnama güýjüni ýitirýär?

Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär: 

  1. ygtyýarnamanyň möhleti gutaranda;
  2. ygtyýarnama ýatyrylanda;
  3. ygtyýarnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;
  4. ygtyýarnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da aradan çykan ýagdaýynda;
  5. kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende;
  6. ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan çözgüt kabul edilen mahalynda.

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketini uzaltmakdan, ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna, ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. 

Çeşme: “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022