Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 79 milliard 455 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 11,3% artdy. 2021-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 71 milliard 360 million manada deň boldy.
2022-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 54 milliard 328 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 3,2% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 52 milliard 595 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 9 milliard 243 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 63,2% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 5 milliard 663 million manada deň boldy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 15 milliard 884 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,2% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 13 milliard 102 million manada barabar boldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 714 million 469 müň 870 manada barabar boldy.
Ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biri hem döwrebap töleg gurallaryny döretmek arkaly nagt däl hasaplaşyklary has-da kämilleşdirmekden we ösen tehnologiýalary bank işewürligine ornaşdyrmakdan ybaratdyr.