“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi 2022-nji ýylyň birnji çärýeginde mawy ýangyjyň 2 milliard kubmetrden gowragyny Hytaýa eksport etdi.
2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 3 milliard 183 million kubmetre barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Ýanwar-mart aýlary aralygynda “Lebapgazçykaryşda” gaz kondensatynyň 14 müň tonnadan gowragy işlenip taýýarlanyldy.
Geçen ýyl müdirlik tarapyndan 12 milliard 400 million kubmetr tebigy gaz öndürildi.
2009-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi öz gözbaşyny Lebap welaýatyndan alýar.