“Lebapgazçykaryş” Hytaýa 2 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” Hytaýa 2 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi
2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 3 milliard 183 million kubmetre barabar boldy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi 2022-nji ýylyň birnji çärýeginde mawy ýangyjyň 2 milliard kubmetrden gowragyny Hytaýa eksport etdi.

2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 3 milliard 183 million kubmetre barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Ýanwar-mart aýlary aralygynda “Lebapgazçykaryşda” gaz kondensatynyň 14 müň tonnadan gowragy işlenip taýýarlanyldy.

Geçen ýyl müdirlik tarapyndan 12 milliard 400 million kubmetr tebigy gaz öndürildi.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi öz gözbaşyny Lebap welaýatyndan alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022