Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işleriň güýçlendirilmegini nygtady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu ugurda degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belläp, Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ozal berlen tabşyryklara garamazdan, şu ýylyň geçen dört aýynda azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän möçberiniň artandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda özümizde öndürip boljak ýeralma, sogan, sarymsak, miweler, un, ýag we beýleki azyk önümleri, käbir senagat harytlarynyň bardygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyrygy ýerine ýetirmegi üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadyp, korrupsiýa ýol berlendigi, un, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini ilata ýerlemekde düzgün bozmalaryň öňüniň alynmandygy üçin, berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.