Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 49,9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan taslamalary durmuşa geçirdi. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Hürriyet” gazeti sişenbe güni habar berdi.
Gazetda bellenilişi ýaly, türk potratçylary üçin Türkmenistan Russiýadan soň ikinji iri bazardyr. 1972-nji ýyldan bäri ýygnalyp gelýän maglumata görä, 2022-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwürde Türkiýäniň potratçylary Russiýada umumy bahasy 95,3 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan taslamalary durmuşa geçirdi.
Geçen 50 ýylyň dowamynda türk potratçylary Yrakda umumy bahasy 31,6 milliard ABŞ dollarlyk, Liwiýada umumy bahasy 29,5 milliard ABŞ dollarlyk we Gazagystanda umumy bahasy 27 millard ABŞ dollarlyk taslamalary durmuşa geçirdiler.
Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary 1972-nji ýyldan 2022-nji ýylyň aprel aýyna çenli 113 sany döwletde 11 müň 243 sany taslamany durmuşa geçirdi. Ol taslamalaryň umumy bahasy 457,6 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
Ýanwar-aprel aýlarynda Türkiýäniň kompaniýalary umumy bahasy 3,75 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 102 sany taslama aldylar. Olara daşary ýurt bazarlarynda diňe aprel aýynda 673 million ABŞ dollarlyk 28 sany taslama berildi.