Türkmen telekeçisi agaç-polimer kompozitden profil önümlerini eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi agaç-polimer kompozitden profil önümlerini eksport edýär
Bu önümler binalaryň daşky we içki diwarlaryny örtmek, ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerini, ýanýodalary düşemek üçin ulanylýar.

Telekeçi Döwlet Agajanowa degişli Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasynda öndürilýän agaç-polimer kompozitden profil önümleri içerki bazary doly üpjün etmek bilen bir hatarda, Türkiýä, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Belarusa eksport edilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, gurluşyk serişdeleri bolan bu önümler binalaryň daşky we içki diwarlaryny örtmek, potologyny gurnamak, ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerini, ýanýodalary düşemek üçin ulanylýar.

Bellenilişi ýaly, agaç-polimer kompozitden profil önümleriniň daşky diwar üçin niýetlenen görnüşiniň ini 12 santimetre deň bolup, olaryň nagyşly we tekiz görnüşleri bar. Ýere düşemekde peýdalanylýan agaç-polimer kompozitden profil önümleriniň ini 12,5 we 14,8 santimetr bolup, olaryň uzynlygy 6 metre çenlidir.

Önümleriň düzüminiň aglaba bölegini agaç owuntyklary we polimer önümleri tutýar. Önümçilik üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Kärhananyň kuwwaty bir gije-gündizde 200-250 inedördül metr önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

2022