Bilermen: Transhazar gaz geçiriji taslamasy gaýtadan ýola goýlup bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bilermen: Transhazar gaz geçiriji taslamasy gaýtadan ýola goýlup bilner
Deňiz asty turba geçirmek işleri (Surat: TAP AG)

Türkmenistandan Hazaryň üsti bilen turbageçiriji arkaly Azerbaýjana we Ýewropa ugratmaklygy göz öňünde tutýan Transhazar gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça togtadylan işler gaýtadan ýola goýlup bilner. Bu barada Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň geografiýa institutynyň “Dynç alyş geografiýasy we syýahatçylyk” bölüminiň ýolbaşçysy Zaur Imranyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Bilermen Türkmenistanyň geljekde bu taslamany durmuşa geçirip biljekdigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Baku Hazar deňziniň düýbünde Türkmenistanyň kenaryndan Azerbaýjana çenli gaz geçirijisiniň gurluşygy uzak wagt bäri göz öňünde tutýarlar. Hazaryň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýa görä, şular ýaly taslamalar durmuşa geçirilende turba geçirijiniň territorial suwlaryndan geçjek ýurtlaryň öz arasynda ylalaşylmalydyr. Bu Konwensiýanyň gol çekileninden soňra, birnäçe habar beriş serişdeleri ylalaşygyň taslamany durmuşa geçirmäge ygtyýar berendigini habar berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Günbatary türkmen gazy bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ýoly Gazagystanyň we Russiýanyň çäginden geçýän üstaşyr gaz geçirijilerini ulanmak arkaly amala aşyryp bolýar.

Transhazar gaz geçiriji taslamasy azyndan 30 ýylyň dowamynda ýyllyk 30 milliard kubmetr türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna daşalmagyny göz öňünde tutýar.

2022