Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda tabşyrylýan galla hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň azyk we gök önümler bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Şeýle-de welaýatlaryň dürli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Mundan başga-da, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, galla oragyna görülýän taýýarlygyň ýokary derejede üpjün edilmelidigine ünsi çekip, Döwlet Baştutanymyz orakda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş bölümleriniň, terezileriň, awtoulaglaryň taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.