Türkmen telekeçisi polietilen we polipropilen haltalaryň 222 tonnasyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi polietilen we polipropilen haltalaryň 222 tonnasyny eksport etdi
Hytaýyň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň ýyllyk kuwwaty 1 müň 500 tonna halatalary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynda ýerleşýän telekeçi Parahat Atadurdyýewiň eýeçiligindäki hususy kärhanada öndürilen polietilen we polipropilen haltalaryň 222 tonnasy Russiýa we Türkiýe döwletlerine eksport edildi.

Kompaniýanyň wekiliniň “Binzes Türkmenistan” internet neşirine şenbe güni beren beýanatyna görä, kompaniýanyň WEAVARO haryt nyşanly polietilenden we polipropilenden dokalan haltalary Ukraina, Owganystan we Gazagystan ýaly döwletlere hem eksport edilýär.

Hytaýyň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň ýyllyk kuwwaty 1 müň 500 tonna halatalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilikde çig mal “Türkmenhimiýa” konserninden alynýar.

Bu ýerdäki tehniki haltalaryň ini 40 santimetrden 90 santimetre barabardyr.

2021-nji ýylyň iýun aýynda işe girizilen telekeçi Parahat Atadurdyýewe degişli zawod geçen ýylyň dowamynda polietilen we polipropilen halatalaryň 529 tonnasyny Russiýa, Türkiýe, Ukraina we Owganystana ugratdy. Telekeçi şu ýyl bu harydyň 1000 tonnasyny öndürmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022