Türkmenistanda Haly baýramy bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Haly baýramy bellenildi
Türkmen halysynyň baýramy her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Ýurdumyzda ýekşenbe güni Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip, şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler gurnaldy.

Aşgabatda “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň söwda toplumynda sergi guraldy we sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan ussat halyçylary sylaglamak dabarasy geçirildi.

“Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň nyşanydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýtdy.

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýekşenbe güni Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzyň ussat halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak we olary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge, halylary ajaýyp nagyşlar bilen bezemäge goşan goşandyny hem-de köpýyllyk halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky çözgüdi kabul etdi.

Mundan başga-da, baýramçylyk mynasybetli şenbe güni Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Halaç “Çeper” halyçylyk kärhanasynyň täze haly zawody açylyp, ulanmaga berildi.

Türkmen halysynyň baýramy 1992-nji ýylda döredilip, ol her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022