Hazar deňzinden Aşgabada süýjedilen suw ugratmak boýunça mümkinçilikler öwreniler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazar deňzinden Aşgabada süýjedilen suw ugratmak boýunça mümkinçilikler öwreniler
Hazar deňzi, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradowa Hazar deňzinden Aşgabada süýjedilen suw bermek boýunça mümkinçiliklere seretmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, maslahat oba hojalyk işlerine we suw meselesine bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz biziň sebitimizde suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, 11-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy we wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz, A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.

Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň we olary amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamagy hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seretmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde işleriň alnyp barlyşy barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022