Türkmenistanly telekeçi ‘’Ethical Fashion Initiative‘’ taslamasyna gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanly telekeçi ‘’Ethical Fashion Initiative‘’ taslamasyna gatnaşýar
Bu başlangyjyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň el işleri ugrunda iş alyp barýan telekeçileri “Kerwen syýahat” atly kolleksiýanyň üstünde işlediler.

Türkmenistanly telekeçi Şasenem Garlyýewa 5-nji iýundan 12-nji iýun aralygynda Milanyň Alkowa galareýasynda geçirilýän ‘’Ethical Fashion Initiative‘’ (Etiki Moda Başlangyjy) (EFI) çäresinde “Iner Unique Camel Wool” brendli düýe ýüň önümleri bilen tanyşdyrýar.

EFI taslamasy Ýewropa Bileleşigi we UNESCO tarapyndan goldanylyp, onuň bu ýylky işine Merkezi Aziýanyň – Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Telekeçi Şasenem Garlyýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine penşenbe güni beren beýanatyna görä, bu başlangyjyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň el işleri ugrunda iş alyp barýan telekeçileri “Kerwen syýahat” atly kolleksiýanyň üstünde işlediler.

Başlangyjyň çäklerinde sekiz aýyň dowamynda Merkezi Aziýanyň wekillerine halkara konsultantlar we dizaýnerler bilen dürli türgenleşik sapaklary geçirildi.

Bu taslamanyň esasy konsepsiýasy durnukly brend döretmekden, ýerli senetçiler bilen işleşmekden hem-de ýurtlaryň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

2022