Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky işewürlere hasaplaryny döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän “Menzilara bank hyzmatlary” ulgamyny hödürleýär.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu hyzmat ulgamy işewürlere ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly töleglerini geçirmäge, hasaplarynyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň hem depozitleriň töleg tertibini görmäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, işewürler bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilerler.
Işewürler “Menzilara bank hyzmatlary” ulgamyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilerler. Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan alnan ulanyjynyň adyny we açar sözüni ýörite internet-sahypadaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bilerler.
Bellenilişi ýaly, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň täze ulgamy işewürlere pul serişdelerini ygtybarly dolandyrmaga we wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berer.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Muhammedow geçen aý sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýuridik şahslar we hususy telekeçiler üçin “Internet bank” ulgamyny “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynda, “Halkbank” we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynda ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere ýurdumyzyň banklarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.