Dmitriý Şlapaçenko: Türkmenistan uglewodorod zyňyndylaryny azaldyp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dmitriý Şlapaçenko: Türkmenistan uglewodorod zyňyndylaryny azaldyp biler
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko

Türkmenistan howa gatlagyna uglewodorod zyňyndylaryny düýpgöter azaltmak ukybyna eýedir diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko penşenbe güni Aşgabat şäherinde “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa taraplary we wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy maslahatynyň dowamynda mälim etdi. 

Forum “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalary bilen bilelikde gurnalýar.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda metanyň zyňyndylaryny takmynan 75% azaldyp, ýarysyndan gowragyny bolsa hiç hili çykdajysyz kemeldip boljakdygy çak edilýär.

Şeýle-de Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Merkezi Aziýada CO2 zyňyndylaryny azaltmak we bu babatda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Sebitleýin howa tehnologiýalar merkezini döretmegi teklip edendigini belledi.

Mundan başga-da, forumyň dowamynda energiýanyň geljegi, sebitdäki energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny, durnukly energiýany goldamakda maliýe guramalarynyň orny, uglewodorod öndürmekde we gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary hem-de nou-haular, uglewodorodlary gaýtadan işlemek we daşamak boýunça halkara hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022