Daşoguz welaýatynda täze hususy maldarçylyk toplumy açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda täze hususy maldarçylyk toplumy açylar
Täze maldarçylyk desgasynda mal saklamak üçin iki sany gyş we bir tomus jaýy gurlandyr.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda telekeçi Arslan Çowdurowa degişli 200 baş gara mal saklamaga niýetlenilen täze maldarçylyk desgasynyň ulanyşa girizilmegine taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşine görä, hojalygyň umumy meýdany üç gektara barabardyr. Onda edara binalary, mal saklamak üçin iki sany gyş we bir tomus jaýy, iým ammary, mal lukmançylygy bölümi we enjam bejerme jaýy, önümi satmak üçin dükan, şeýle hem önümçilik hem tehniki maksatly beýleki zerur desgalar gurlandyr.

Hojalygyň ygtyýarynda döwrebap yşyklandyryş enjamlary we ýeljiretme ulgamy hem bardyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, maldarçylyk hojalygynda ýylda ýüz tonnadan gowrak süýt öndüriler.

Geljekde telekeçi hojalykda et önümleriniň öndürilişini ýola goýmagy maksat edinýär we onuň üçin hojalykda häzirki wagtda ýörite jaý taýýarlanylýar.

2022