Türkmenistan bilen Wýetnam bilelikdäki Işewürler maslahatyny döretmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Wýetnam bilelikdäki Işewürler maslahatyny döretmegi meýilleşdirýär
Taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistan bilen Wýetnam ýurtlaryň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki Işewürler maslahatyny döretmegi maksat edinýär.

Bu baradaky meseleler Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nguýen Min Wu bilen duşenbe güni Hanoýda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna saparynyň çäklerinde geçirildi.

Taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda gatnaşyklary ösdürmek boýunça mümkinçilikler bilen tanyşmak we öwrenmek hem-de türkmen-wýetnam Işewürler maslahatynyň hereketini ýola goýmak maksady bilen söwda-ykdysady wekiliýetleri bilen tejribe alyşmak boýunça teklipler beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny bellediler. Şeýle hem taraplaryň medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine garaldy.

Wýetnamyň “Vietnam News Agency” döwlet habarlar agentliginiň aýtmagyna görä, Wýetnam-Türkmenistan işewürlik forumy 29-njy iýunda geçiriler.

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti ulag, gurluşyk, senagat we söwda, bilim we okuw işlerine gözegçilik edýän Wýetnam ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşar.

2022