Ýanwar-maý: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5 milliard manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-maý: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5 milliard manada golaýlady
“Halkbank terminal” ulgamy arkaly 11 million 185 müň 551 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-maý aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 4 milliard 952 million 807 müň 988 manada barabar boldy.

Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, ýokarda agzalan senelerde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 4 milliard 616 million 165 müň 786 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 225 million 85 müň 88 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 4 million 335 müň 862 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 95 million 520 müň 874 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 514 müň 823 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 11 million 185 müň 551 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 82 milliard 458 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 13,5% artdy. 2021-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 72 milliard 649 million manada deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022