Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40% ýokarlandy
Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6%-e deň boldy.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň geçen alty aýynda 40% artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Muhammetguly Muhammedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

M.Muhammedow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygyndaky makroykdysady görkezijiler barada beren hasabatynda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 11,5% ýokarlanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4% artdy.

Hormatly Prezidentimiz M.Muhammedowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Serdar Berdimuhamedow bu wezipä Hojamyrat Geldimyradowy belläp, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6%-e deň boldy. Häzirki wagtda ýurtda umumy bahasy 38 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022