Özbegistan şu ýyl Türkmenistan bilen söwdany $1 milliarda ýetirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan şu ýyl Türkmenistan bilen söwdany $1 milliarda ýetirmegi meýilleşdirýär
Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 322 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerden soňra beren metbugat ýygnagynyň dowamynda şu ýylyň ahyryna çenli ikitaraplaýyn söwdanyň mukdaryny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Mirziýoýew orta möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeldip boljakdygy aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti döwrebap düzümli serhetýaka söwda zolagyny döretmek we Söwda öýüni açmak barada ylalaşylandygyny belläp geçdi.

Şawkat Mirziýoýew kabul edilen orta möhletleýin maksatnamanyň esasynda maşyn gurluşygy, elektrotehnika, dokma, derman senagaty pudaklarynda, azyk senagatynda, şol sanda oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, geljegi uly taslamalara itergi bermek üçin bilelikdäki taslama edarasynyň dörediljekdigi barada habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, ony giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklady. Energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, obasenagat toplumy, himiýa we dokma senagaty hem-de beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Daşkentde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we güýçlendirmek barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 322 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2% ýokarlandy.

2022