Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ilkinji bäş aýda $322,6 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ilkinji bäş aýda $322,6 milliona deň boldy
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan eden importy 259 million 600 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 322 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2% ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan eden importy 259 million 600 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 62 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.

Özbegistanyň 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda daşary söwda dolanyşygy 20 milliard 500 million ABŞ dollaryndan geçip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 milliard 580 million ABŞ dollary ýa-da 37,4% ýokarlandy.

Şu ýylyň ilkinji bäş aýynda Özbegistanyň iň köp söwda eden ýurdy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky döwda dolanyşygy 3 milliard 800 million ABŞ dollaryna golaýlady. Özbegistanyň importy 2 milliard 700 million ABŞ dollaryna deň bolup, eksporty bolsa 1 millard ABŞ dollaryndan geçdi.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($3,2 milliarddan gowrak), Gazagystan ($1,75 milliarddan gowrak), Türkiýe ($1,44 milliard), Günorta Koreýa ($1 milliarddan gowrak), Germaniýa ($499,6 million),Gyrgyzystan ($433,4 million), Owganystan ($310,8 million) we Hindistan ($261,8 million) girdi.

2021-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 881 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarlandy.

2022