Türkmenbaşy portunyň üsti bilen 11,3 million tonnadan gowrak ýük daşaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy portunyň üsti bilen 11,3 million tonnadan gowrak ýük daşaldy
Türkmenbaşy portunyň ýük geçirijilik ukyby nebit önümleri hasaba alynmanda ýylda 17 million tonna barabardyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda 11,3 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu barada Türkmenbaşy portyň başlygy Seýitguly Baýseýidow Aşgabatda duşenbe güni geçirilen “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatyň dowamynda mälim etdi.

Olaryň köp bölegi – 6,5 million tonnadan gowragy eksport ýükler bolup, 1,2 million tonnasy import ýüklerdir.

Baýseýidow Türkmenbaşy portunyň Ýewraziýadaky möhüm geosyýasy ähmiýetini aýratyn belledi. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) söwda ýolunda ýerleşmek bilen, ol ýylyň dowamynda gämileri kabul etmäge, gije-gündiziň dowamynda ýüklemek we düşürmek işlerini ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Onuň ýük geçirijilik ukyby – nebit önümleri hasaba alynmanda ýylda 17 million tonna barabardyr.

Şeýle hem Baýseýidow portyň 35 ýerli hususy kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi.

Iki günlik halkara maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy bilen gurnalýar. Konferensiýa “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” we Türkmenhowaýollary agentlikleri tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM), “Türkmen Logistika” Birleşigi hem-de “Türkmen Forum” bilen bilelikde gurnalýar.

2022