“Gadymy Kerwen” Türkmenistanyň içinde ýük daşama hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gadymy Kerwen” Türkmenistanyň içinde ýük daşama hyzmatyny hödürleýär
Eltip bermek hyzmaty bir welaýatyň içine bir günüň dowamynda, beýleki welaýatara bolsa iki günüň dowamynda amala aşyrylýar.

“Gadymy Kerwen” hususy kärhanasy Türkmenistanyň içinde şäherara hem-de welaýatlara ýük daşama (eltip bermek) hyzmatyny hödürleýär. Kompaniýa bu ugurda hyzmatlary gysga wagtda (bir günde) hem-de kepillikli ýerine ýetirýän Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan kärhana bolup durýar.

Kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, eltip bermek hyzmaty bir welaýatyň içine bir günüň dowamynda, beýleki welaýatara bolsa iki günüň dowamynda amala aşyrylýar.

Harydy şäher içine ýa-da Türkmenistanyň islendik ýerine ibermek üçin müşderi näme etmeli?

  • Her gün 09:00-dan 16:00-a çenli müşderi kompaniýa ýüz tutup, talapnama berýär;
  • kompaniýanyň Işgärleri her gün 13:00-dan 18:00-a çenli talapnamalar boýunça ýurdumyzyň ähli künjeginden iberilmeli harytlary ýygnap çykýarlar;
  • talapnama berlenden soň, ertesi gün kompaniýanyň işgärleri harydy eltip bermeli ýerine ýetirýärler.

Gadymy Kerwen gök önümleri, et-süýt, ýumurtga önümlerini, partlaýjy jisimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Kanunynda gadagan edilen zatlary iberip bolmaýandygyny müşderilerine ýatladýar.

Nyrhnamalar boýunça maglumat

40*30*30 sm göwrümdäki 1-4 kilograma çenli ýükleri Türkmenbaşy, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerine ibermegiň bahasy 50 manat möçberinde kesgitlenendir. Beýleki ilatly nokatlara çenli ibermegiň nyrhlary goşmaça kesgitlenilýär (iň uzak aralygyň bahasy 100 manat). 4 kilogramdan agyr agramdaky harydyň her kilogramyna goşmaça 10 manat töleg alynýar.

Şeýle hem, “Gadymy Kerwen” hususy kärhanasy Hytaý, BAE, Türkiýe döwletlerinden sargyt boýunça islendik harydy gözläp tapyp bermek, şertnama esasynda getirip bermek hyzmatlaryny amala aşyrýar.Mundan başga-da, kärhana GDA we beýleki ýurtlara logistika hyzmatlaryny hem hödürleýär.

Telefon belgileri:

+99363-06-66-99;

+99361 10-81-77;

Logistika we daşary ýurt hyzmatlary üçin:

+99361-19-08-01

Tmzon: gadymy_kerwen

Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, jaý 86, “Gujurly ýaşlar” binasy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022