Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň maliýeleşdirilişi nähili amala aşyrylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň maliýeleşdirilişi nähili amala aşyrylýar?
Erkin ykdysady zolaklaryň döredilýän döwründe onuň işleriň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, saklanylmagynyň we ösdürilmeginiň maliýeleşdirilişi “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Erkin ykdysady zolaklaryň Komitetiň (erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan ýerine ýetiriji edaranyň) garamagynda duran ýerleriň, binalaryň we desgalaryň kärendesine berilmeginden hem-de “Erkin ykdysady zolaklar hakynda”  Türkmenistanyň Kanunynda we bu erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda kararda bellenilen dürli hyzmatlaryň edilmeginden düşýän serişdelerden we beýleki düşewüntlerden emele gelýän özbaşdak býujeti bolýar.

Erkin ykdysady zolaklaryň hereket edýän döwründe onuň özbaşdak býujeti çekilen serişdeleriň, maýa goýum, maksatlaýyn we beýleki gaznalaryň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki maliýe serişdeleriň hasabyna emele getirilýär.

Erkin ykdysady zolaklaryň döredilýän döwründe onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly işleriň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

Erkin ykdysady zolaklaryň, şol sanda önümçilik, ulag we beýleki infrastrukturanyň saklanylmagynyň we ösdürilmeginiň maliýeleşdirilmegi erkin ykdysady zolaklaryň özbaşdak býujetiniň serişdeleriniň ýa-da başga çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Erkin ykdysady zolaklaryň serhetlerine çenli gaz, elektrik, suw, lagym, aragatnaşyk we ýol ulgamlaryny çekmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we degişli pudaklaryň, şeýle hem çekilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

Komitet her bir erkin ykdysady zolagyň býujetiniň aýratynlykda hasaba alnyşyny alyp barýar, şonda bir erkin ykdysady zolagyň serişdeleri beýleki erkin ykdysady zolagyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryny ýapmak üçin peýdalanylyp bilinmez.

Çeşme: “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022