Türkmen telekeçisi 140 tonnadan gowrak sogany Gazagystana eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi 140 tonnadan gowrak sogany Gazagystana eksport etdi
Kompaniýa ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýerli daýhanlary bilen şertnama baglaşyp, şonuň esasynda gök önümleri satyn alýar.

Telekeçi Ihtiýar Kalandarowa degişli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän “Döwletli depe” hususy kärhanasy ýerli soganyň 140 tonnadan gowragyny Gazagystana eksport etdi.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, bu kärhana ýaňy-ýakynda işe başlandygyna garamazdan, daşary döwletler bilen eksporty ýola goýmagy başardy.

Kompaniýa ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýerli daýhanlary bilen şertnama baglaşyp, şonuň esasynda gök önümleri satyn alýar hem-de Russiýa, Gazagystana we Belarusa eksport edýär.

Kärhana tarapyndan şu ýylyň mart, aprel aýlarynda daşary ýurtlara kelem hem eksport edildi. “Döwletli depe” hususy kärhanasy geljekde gawunyň we üzümiň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022