Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ýanwar-iýun aýlarynda 9,7% artdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ýanwar-iýun aýlarynda 9,7% artdy
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 326 million 400 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ilkinji alty aýynda 418 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,7% ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň geçen çarşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 326 million 400 müň ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,5% artdy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 91 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27,6% ýokarlandy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.

Özbegistanyň ýanwar-iýun aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 24 milliard 500 million ABŞ dollaryndan geçip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 milliard ABŞ dollary ýa-da 32,4% ýokarlandy.

Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Özbegistanyň Hytaý bilen söwda dolanyşygy 4 milliard 530 million ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň importy 3 milliard 380 million ABŞ dollaryna golaýlap, eksporty bolsa 1 milliard 250 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($4 milliarddan gowrak), Gazagystan ($2,1 milliarddan gowrak), Türkiýe ($1,74 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1,3 milliarddan gowrak), Gyrgyzystan ($589,2 million), Germaniýa ($558,4 million), Owganystan ($369,2 million) we Hindistan ($324,7 million) girdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarydyr.

2022