Türkmenabadyň himiýa zawody 150 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa zawody 150 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi
Kärhana oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen kükürtli himiki serişdelerini, lukmançylyk we tehniki kislorod hem öndürýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawody geçen ýedi aýda oba hojalygy üçin möhüm serişde bolan fosforly mineral döküniň, ýagny ammonili superfosfatyň 150 müň tonnadan gowragyny öndürdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana boýunça degişli döwürde kükürt kislotasynyň 58 müň tonnadan gowragy öndürildi.

Şeýle hem, kärhana oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen kükürtli himiki serişdeleri, lukmançylyk we tehniki kislorod öndürýär.

Mundan başga, kärhana bilelikdäki önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýän hususy pudagyň wekilleri bilen hem hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mysallaryndan biri, zawodda ulaglar üçin niýetlenen akkumulýatorlary bilelikde öndürýän “Kökçi” hojalyk jemgyýetidir. Kompaniýa geçen ýyl 28 million manada golaý akkumulýator öndürdi.

1960-njy ýylda gurlan Türkmenabadyň himiýa zawody häzirki wagtda Türkmenistanda iň uly himiýa önümçiliginiň biridir. Zawod önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýär.

2022