Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, ýurdumyzyň Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämisiniň tanyşdyrylyşa taýýardygy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow bu häzirki zaman gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, gäminiň harby gullukçylary Italiýada, Germaniýada, Türkiýede we beýleki döwletlerde ýörite okuwlary geçdiler hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.
Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişi synlady. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz zähmet rugsady wagtynda duşenbe güni Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna hem gatnaşdy.