“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gumdagnebit” nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda nebitiň 280 müň tonnadan gowragy çykaryldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşine görä, şu ýylyň geçen ýedi aýynda nebit çykarmak boýunça bellenilen meýilnama 111% ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 120%-den gowrak boldy.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gumdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Gumdag meýdançasynda nebit-gaz gözleg işleri netijesinde ilkinji burawlaýyş guýusy 1947-nji ýylyň iýul aýynda peýda boldy.
Şu ýylyň maý aýynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary Balkan welaýatynda ýerleşýän Uzynada käninde tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň täze senagat akymyny aldylar. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, “Gumdagnebit” nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi.