Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,1%-e deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,1%-e deň boldy
2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,5% artdy.

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda geçen ýedi aýda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,1%-e barabar bolandygyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada beren hasabatynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň 11,5% artandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilmegine görä, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39% we bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4% ýokarlandy.

Şeýle-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň bolandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini we telekeçilik ulgamyny ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir möhüm meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022