Türkmenbaşy portunda ulag-kommunikasiýa pudagynyň sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy portunda ulag-kommunikasiýa pudagynyň sergisi geçiriler
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlarynyň we mümkinçilikleriniň sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu sergi  “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 15-16-njy awgustda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň çäklerinde geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynda geçiriljek çärä “Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasy, “Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy” hojalyk jemgyýeti, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri gatnaşarlar.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, geçiriljek sergide ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işler we ýetilen sepgitler, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyrylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde şu ýylyň 15-16-njy awgustynda geçiriler.

2022