Türkmenistan pediatriýa we stomatologiýa merkezlerini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirer

BIZNES TÜRKMENİSTAN
Türkmenistan pediatriýa we stomatologiýa merkezlerini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň binalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesowa bu barada degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Stomatologiýa merkeziniň binalarynyň “Köşi” ýaşaýyş toplumynda, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň bolsa Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň ýanaşyk ýerlerinde gurulmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle-de wise-premýer “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Hasabata görä, ýakyn wagtda degişli halkara bäsleşigiň jemleri jemlener we onuň ýeňijisi kesgitlener.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmak boýunça degişli tabşyryklary berdi hem-de bu ugurda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

2022