Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Döwlet Baştutanymyz dikuçarda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy teklip edilýän çäkleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy teklip edilýän çäkleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti dikuçardan Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny, häzirki zaman işewürlik merkezini we paýtagtymyzyň merkezinde gurulýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny synlady.

Bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow uçuş belentliginden 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň gurluşyk işlerini synlady.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň, “Parahat” ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan gurluşyk işleri we Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan dürli maksatly binalar bilen tanyşdy.

Dikuçarda amala aşyrylan tanyşlykdan soňra, Serdar Berdimuhamedow Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köprüniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça teklip edilýän meýilnamalar, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda häzirki zaman desgalarynyň gurluşygynyň, Mäti Kösäýew köçesiniň ugrunda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022