Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze materiallaryň sinteziniň tehnologiýalary barlaghanasynyň alymlary Türkmenabatdaky himiýa zawodda “Garyşyk NPS döküni” diýen toplumlaýyn dökünleri öndürmegiň tehniki şertlerini işläp taýýarladylar we önümçilige ornaşdyrdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu işläp taýýarlamalar “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň himiýa kärhanasynyň önüminiň hilini gowulandyrmaga hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde döredilen Tehnologiýalary geçiriş barlag merkezi tarapyndan üpjün edildi.
Tehnologiýalary geçiriş merkezi Tehnologiýalar merkeziniň ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk hem-de beýleki bölümçelerinde döredilen ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga ýöriteleşdirilendir. Bu merkez ylmy işläp taýýarlamalara awtorlyk hukugyny almak, bu işleriň awtorlary bilen birlikde taýýar işleri satyn alyjylaryň hem bähbitlerini göz öňünde tutup, dürli ugurlara degişli ylmy işläp taýýarlamalary telekeçilik ugruna ýykgyn etmek babatda şertnamalary taýýarlamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.
Şeýle hem, alymlaryň kömegi bilen “Hünärli doganlar” kärhanasynyň önümçilik ýerinde oba hojalygy üçin külkelenen kükürt-bentonit toplumlaýyn dökünini öndürmegiň tehnologik işi özleşdirildi.