“Kökçi” öndüren awtoulag akkumulýatorlarynyň ýarysyna golaýyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kökçi” öndüren awtoulag akkumulýatorlarynyň ýarysyna golaýyny eksport etdi
“Kökçi” häzirki wagtda önümiň hilini ýokarlandyrmak we önümçiligiň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreleri geçirýär.

“Kökçi” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň başyndan bäri öndüren awtoulag akkumulýatorlarynyň ýarysyna golaýyny, ýagny 11,4 müňini Owganystana eksport etdi.

Degişli döwürde kompaniýa Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat himiýa zawody bilen bilelikde 23 müň 500 sany akkumulýator öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habara görä, kärhanada akkumulýatoryň sagatda kuwwatlylygy 60, 65, 75, 90, 100, 190 we 200 ampera deň bolan 7 görnüşi öndürilýär. Önümler ýeňil we ýük awtoulaglary üçin niýetlenendir.

Türkmen kompaniýasy önümçilik üçin zerur bolan çig maly ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek arkaly alýar.

“Kökçi” häzirki wagtda önümiň hilini ýokarlandyrmak we önümçiligiň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreleri geçirýär.

2022