Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 85 milliard manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 85 milliard manada golaýlady
2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 55 milliard 763 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 84 milliard 916 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 14,4% artdy. 2021-nji ýylyň iýul awgust ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 74 milliard 212 million manada deň boldy.

2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 55 milliard 763 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,9% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 53 milliard 143 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 11 milliard 626 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 66,8% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 6 milliard 969 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 17 milliard 527 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24,3% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 14 milliard 100 million manada barabar boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 7 milliard 575 million 240 müň 986 manada barabar boldy.

2022