Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentleriň dostluk toparlarynyň işlerine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmek barada ylalaşdylar. (Surat: Ýaponiýanyň hökümeti)

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýaponiýa iş saparynyň çäginde ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda, Premýer-ministr Fumio Kisida Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň hormatyna bagyşlanyp Türkmenistanda berilen gurbanlyk sadakasy üçin sagbolsun aýtdy we ozalky Premýer-ministriň döwlet derejesinde geçirilýän soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Ýaponiýanyň daşary işler ministirliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň aradan çykmagy türkmen halky üçin gynançly waka bolandygyny aýtdy we türkmen halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny beýan etdi.

Soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Fumio Kisida ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentleriň dostluk toparlarynyň işlerine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmek barada ylalaşdylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary ýekşenbe güni başlady.

Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki soňky ýoluna ugratmak çäresi 27-nji sentýabrda geçirildi.

2022