Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Saparyň maksatnamasy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar.
Habarda bellenilşi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine itergi berer.