Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Duşanbe şäherinde duşenbe güni geçirilen çärede öz hereketine başlady. Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrligi habar berdi.
Çärä ýokarda agzalan ýurtlaryň wekiliýetleri, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri we işewürleri gatnaşdylar.
Şol gün daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde ulag-logistika boýunça maslahat hem geçirildi.
Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary 8-9-njy oktýabrda Tähran şäherinde geçirilen üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji ministrler derejesindäki maslahatda üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.