TDHÇMB-da sişenbe güni nah ýüplük we granulirlenen tehniki kükürt satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni nah ýüplük we granulirlenen tehniki kükürt satyldy
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň jemi 518 müň kilogramy türkiýeli işewürlere satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda nah ýüplügi we granulirlenen tehniki kükürdi satmak boýunça 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň jemi 518 müň kilogramy türkiýeli işewürlere satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda ýerli telekeçi jemi bahasy 1,1 million manada deň bolan granulirlenen tehniki kükürdiň 520 tonnasyny satyn aldy.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 54 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022