TDHÇMB-da duşenbe güni jemi 62,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni jemi 62,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni milli manatda geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 62 million 636 müň 295 manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmenpagta” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen pagta übtügini satyn aldylar.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen SN-180 kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 6 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýeli telekeçi jemi bahasy 110 müň ABŞ dollaryna deň bolan şepbeşik nebit ýol bitumyny, Özbegistanly telekeçi bolsa umymy bahasy 360 müň 875 ABŞ dollaryna barabar bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022