Ýanwar-awgust: Azerbaýjan 495,8 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-awgust: Azerbaýjan 495,8 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi
2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjanyň tebigy gaz importynyň 88,2%-i Türkmenistanyň paýyna düşdi.

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistandan 495,8 million kubmetrden gowrak tebigy gazy import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentligi anna güni habar berdi.

Degişli döwürde Azerbaýjana tebigy gazyň eksporty takmynan 60,2 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan takmynan 561,9 million kubmetr tebigy gazy import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,1% ýokarydyr. Tebigy gazyň importy 62,8 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdirilende 3,9 esse artdy.

Umumy tebigy gazyň importynyň 88,2%-i Türkmenistanyň paýyna, galan bölegi bolsa Eýranyň paýyna düşdi. Eýran Azerbaýjana umumy bahasy 2,5 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 66 million kubmetrden gowrak tebigy gazy iberdi.

2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan diňe Eýrandan tebigy gazy import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Bakuwda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu şertnama laýyklykda, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy iki esse artar.

2022