Plastik önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan “Ak kent” hususy kärhanasy geljekde çagalar üçin oýnalýan ýörite meýdançalarda oýun serişdeleriň we toplumlaryň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugaty penşenbe güni habar berdi.
TSTB-nyň agzasy bolan “Ak kent” hususy kärhanasy plastikden suw we suwuk zatlary saklamak üçin niýetlenen gaplaryň, mallar üçin iýmlik nowalaryň önümçiligi bilen meşgullanýar.
100 litrden 25 müň litre çenli göwrümdäki uly suw gaplary kärhananyň esasy önümleri bolup durýar. “Ak kent” hususy kärhanasy önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanýar.
Änew şäherinde 2018-nji ýyldan bäri iş alyp barýan bu kärhananyň zawodynda 20-ä golaý hünärmen işleýär. Şeýle hem kompaniýa polietilenden çagalar üçin suw howuzlaryny we ýol päsgelçilik barýerlaryny öndürýär.