Türkiýe we Türkmenistan özara söwda dolanyşygyny 2,5 esse artdyrmakçy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkiýe we Türkmenistan özara söwda dolanyşygyny 2,5 esse artdyrmakçy
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň umumy mukdary 1 milliard 330 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkiýe bilen Türkmenistan özara söwda dolanyşygyny 2,5 esse artdyryp, 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli ýazan makalasyna salgylanyp, TASS agentligi şenbe güni habar berdi.

“Türkiýe Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Pandemiýanyň netijelerine garamazdan, 2021-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwdanyň mukdary 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 41% ýokarlandy we 2 milliard ABŞ dollaryndan geçdi” diýip, ilçi Togan Oral öz makalasynda belleýär.

“Döwlet Baştutanlarymyzyň özara söwda dolanyşygyny 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek maksatlaryny gysga wagtda ýerine ýetirmegi meýilleşdirýäris” diýip, makalada aýdylýar.

Togan Oralyň aýtmagyna görä, gurluşyk, maliýe, energetika pudaklarynda, dokma senagatynda we beýleki ugurlarda işleýän türk kompaniýalary şu güne çenli Türkmenistanda 50 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 1000-den gowrak taslamany durmuşa geçirdiler.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň umumy mukdary 1 milliard 330 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022