Noýabr I hepde: eksport geleşikleri $10 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr I hepde: eksport geleşikleri $10 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 10 million 334 müň ABŞ dollarydan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen işewür toparlaryň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem Katar döwletiniň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna portlandsement satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem gysga süýümli pagtany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 18 million 231 müň manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

2022