Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň "GS1 Türkmenistanyň" başlygy Aýkamar Mýalikgulyýewa we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow sişenbe güni Söwda-senagat edarasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu resminama türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna päsgelçiliksiz girmeklerini ösdürmäge gönükdirilendir.
Habarda bellenilişi ýaly, Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäginde ýerli telekeçileriň halkara söwdasynyň düzgünleri, eksport düzgünleri, hil we laýyklyk ülňüleri, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynyň aýratyn talaplary barada bilimlerini we habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki çäreler göz öňünde tutulýar.
Dabara gatnaşyjylar özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň iki edaranyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykaryp, çyzykly şertli belgileriň ulanylyşyny we türkmen işewürleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen söwda we ykdysady taýdan özara peýdaly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem olar bu resminamanyň Türkmenistanyň maýa goýum we ylmy-tehniki mümkinçiligine, onuň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda ornuny berkitmäge goldaw berjekdigini bellediler.
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy 2014-nji ýylyň 27-nji martynda döredildi. 2015-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy Brýussel şäherinde baş binasy bolan GS1 halkara guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we “GS1 Türkmenistan” brendini peýdalanmaga hukuk aldy. Dünýäniň 119 sany milli guramasy GS1 halkara guramasyna agzadyr.