Türkmenistanyň Prezidenti Stambul şäherinde bolup geçen partlama zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Stambul şäherinde bolup geçen partlama zerarly gynanç bildirdi
Stambulyň merkezinde bolup geçen partlama zerarly 6 adam wepat boldy, 81 adam bolsa ýaralandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Stambul şäheriniň merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana bu bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç bildirdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Stambulyň merkezinde bolup geçen partlama zerarly 6 adam wepat boldy, 81 adam bolsa ýaralandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022