Türkmenistana bäş sany ýük teplowozy gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana bäş sany ýük teplowozy gelip gowuşdy
Ýük teplowozlary Russiýanyň Brýansk Maşyngurluşyk zawodynyň dolandyryş kärhanasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Türkmenistana getirildi.

Türkmenistana Russiýa Federasiýasyndan bäş sany ýük teplowozy gelip gowuşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi duşenbe güni habar berdi.

Ýük teplowozlary Russiýanyň Brýansk Maşyngurluşyk zawodynyň dolandyryş kärhanasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Türkmenistana getirildi. Bu ýük teplowozlary ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlylyga eýedir.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy iki tarapyň hem erk-islegi boýunça strategik derejä çykarylan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bu möhüm pudagyň okgunly ösüşine-de goşant goşýar. Ulag kommunikasiýa toplumynyň soňky ýyllardaky depginli ösüşi maýa goýumlarynyň artdyrylmagynyň hem-de bu toplumy halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň hasabyna üpjün edilýär.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti geçen ýyl Russiýanyň “Transmaşholding” kompaniýasyndan ТEP70BS kysymly ýolagçy teplowozyny we 2TE25KM kysymly ýük teplowozyny satyn aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022