Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Bu duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň nebit ministri Jawad Owji çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Jawad Owji duşuşmaga wagt tapandygy hem-de söhbetdeşlikde nebitgaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidentiniň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan energetika syýasatyna hem-de onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, goňşy ýurduň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag, kommunikasiýa, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň nebit ministri Jawad Owji soňky ýyllarda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022