Türkmenistan Ýewropada ýokary bilim derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ýewropada ýokary bilim derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşuldy
Bu konwensiýa bir ýurtda berlen ýokary bilim boýunça hünär derejeleriniň başga bir ýurtda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda kanuna gol çekdi. Täze kanun şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen bu Konwensiýa ÝUNESKO bilen bilelikde işlenilip düzülen Ýewropa Geňeşiniň halkara şertnamasydyr. Bu Konwensiýa Strasburgda Gresiýadan we Monakodan başga Ýewropa geňeşine agza bolan 46 döwletiň ählisi gol çekdi.

Şeýle hem bu Konwensiýa Ýewropa geňeşine agza bolmadyk Awstraliýa, Belarus Respublikasy, Kanada, Watikan, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täze Zelandiýa, Russiýa we Täjigistan goşuldy.

Bu konwensiýa bir ýurtda berlen ýokary bilim boýunça hünär derejeleriniň başga bir ýurtda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär.

2022